“Argamaklar”
Ýazyjy Ata Durdyýewiň “Keýmir kör” romany esasynda ýazylan sahna eseri “Argamaklar” – türkmen halkynyň taryhy ruhuny, atçylyk medeniýetini, seýisçilik sungatyny we ärlik düşünjesini sahna dili arkaly janlandyrýan drama eserdir. Eserdäki külli Horasany baglan Meleguş – diňe bir ýyndamlygyň we gözelligiň däl, namysjaňlygy we duýgurlygy bilen merdanalygyň nusga bolup durýar. Öz iliniň azatlygyny baýdak edinen watançy Keýmiriň seýislän bu argamak bedewi üç ýüze golaý ýesirleriň söweşsiz-zatsyz azatlyga çykmagyna sebäp bolýar. “Argamaklar” sahna eserini sahnalaşdyran Serdar Ataew. Keýmir Serdaryň keşbini Türkmenistanyň at gazanan artisti Ýeňiş Ýazmyradow ýerine ýetirýär. Şeýle-de Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň ussat halypalarynyň gatnaşmagynda sahnalaşdyrylan “Argamaklar” atly sahna eseri tomaşaçylaryň söýgüsini gazanar diýip umyt edýäris.