“Zor aýakdan tebip bolan”

Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky Döwlet drama teatry Bagtyýar Abaýewiň režissorlyk etmeginde Žan Batist Molýeriň “Zor aýakdan tebip bolan” atly sahna eserini sahnalaşdyrdy. Eser gülkili sahna eseri bolup, ýaş döredijilik topary bilen halypa artist Ö. Hudaýgulyýewiň gatnaşmagynda, Fransuz medeniýetiniň süýjiligi tomaşaçylara hödürlenilýär.

Bu sahna eseri Sganarel atly odunçynyň zor aýakdan tebip bolmagy bilen başlanýar. “Näme üçin zor aýakdan?” Sebäbi, Žeront atly baý hojaýynyň Luka bilen Walýer atly iki sany hyzmatkäri, odun çapyp ýören Sganareli ýenjip – ýenjip, tebip bolmaga mejbur edýär. Mejbury ýagdaýda tebip bolan Sganarel, hyzmatkärleriň yzyna düşüp, Žerondyň öýüne gidýär.

Žerondyň gyzy Lýusinda bilen Leandr atly ýaş ýigit birek – biregi tüýs ýürekden söýýärler. Gyzynyň Leandry söýýänligine garamazdan kakasy ony başga birine durmuşa çykarmakçy bolýar. Lýusinda halamaýan adamsyna durmuşa çykmazlyk üçin jögülik edip, lal bolan bolýar. Hiç hili tebip muňa em edip bilmeýär. Şol gyza em etmek üçin hem Sganareli tapyp getirýärler. Aşyk – magşuklar Sganareliň kömegi bilen bir – birege gowuşýar.

Spektaklyň dowamynda keşpleri ýerine ýetirýän artistleriň degişmelerine, gürleýişlerine, özlerini alyp baryşlaryna seredip gülmän oturmak mümkin däl. Režissor çözgütleri we sahna bezegi, saz bilen yşyk sazlaşygy Ž. B. Molýeriň “Zor aýakdan tebip bolan” atly eserine täzeçe bir öwüşgin berýär. Bu eserde tanslar bilen gülkili wakalar, söýgi bilen birlikde adam häsiýetleri janlandyrylýar. Bu gülkili sahna eseri tomaşaçylaryň söýgüsine mynasyp bolar diýen tamamyz bar.

AMAN GULMÄMMEDOW ADYNDAKY DÖWLET DRAMA TEATRY

Garaşylýar...