"Ýagyş ýagan gijesi"
Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň döredijilik işgärleri XX asyryñ görnükli dramaturgy Aşyr Mämiliýewiň “Söýgi duralgasy” esasynda “Ýagyş ýagan gijesi" ady bilen sahna eseri sahnalaşdyrylyp halk köpçüligine hödürlediler. Bu eser özüniň çeperçiligi bilen tomaşaçylaryň söýgüsini gazandy. Eseriň içinden eriş-argaç bolup geçýän wakalaryň biri-de maşgala durmuşy bilen bagly bolup durýar. Maşgalanyň adamsy kompozitor bolup işleýär. Aýaly maşgala lukmany bolup işleýär. Olaryň işleriniň köplügine garamazdan wagtal-wagtal maşgalada biri-birine düşünişmezlik ýagdaýy emele gelýär. Şol ýägdaýlary ýeňip geçmek üçin bolsa maşgalanyň adamsy we aýaly biri-birine dogry düşünmeli bolýarlar. Är-aýalyň sögüşi ýaz gününiň ýagşyna deňelşi ýaly bu maşgalada biri-birine düşünmek ýagdaýy başda örän kyn bolýar. Ýöne şeýle-de bolsa öýüň maşgalasy özüniň dünýägaraýşynyň giňligi bilen adamsyna dogry ýollary salgy berip, örän gowy maslahatlar aýdýar. Şeýlelikde är-aýal näçe sögüşselerde soňy bilen olar biria-birine düşünişip hormat goýup başlaýarlar. Esasanam, maşgalada bäbejigiň ýoklugy sebäpli adamsy hut gaharlanýar. Soňra aýalynyň hamyla bolanyny eşidip adamsy maşgala durmuşyna bolan garaýşyny düýpgöter özgertýär. Bäbegine bolan yhlasy has-da artýar. Sahna eseriniň dowamyndaky ähli gapma-garşylyklary ýeňip geçen maşgalany, adamsy we aýaly eseriň soňunda özleriniň örän bagtlydyklaryna göz ýetirýärler we geljekde maşgalasynda diňe agzybirligiň, şatlygyň, gülki sesleriniň ýaňlanjagyna biri-birine söz berýärler. Şeýlelik bilen maşgalada bäbejik peýda bolýar. Soňra är-aýal öz şatlyklaryny tomaşaçylar bilen paýlaşyp iň gowy duýgular bilen sahna eseri tamamlanýar.