“Syrly sandyk”
“Syrly sandyk” – gülkiň üsti bilen adamyň ahlak gymmatlyklaryny açyp görkezýän şorta sözli, sazly komediýadyr.Spektaklyň esasynda halkyň dana pähimlerine ýugrulan, erbetlik we adalatlyk hakyndaky gyzykly wakalar ýatyr. Eseriň baş gahrymany sähraýy ýigit Bekdogdy öz bagtyny gözläp, Horasanyň şuglaşäher bazaryna barýar. Ol ýerde hilegär we gysyk Galpak hannas atly baý täjir bilen tanyşýar. Galpak hannas özüniň owadan gyzy Kişdäni kyrk gulply kyrk gapyly köşkünde gulplap saklaýar eken. Bekdogdy şol gyza aşyk bolup, Galpak hannasyň “Syrly sandygyny” müň tylla berip satyn alýar. Şol sandygyň içinden bolsa Galpak hannasyň iň uly baýlygy – gyzy Kişde çykýar. Spektakl maddy baýlygyny hemme zatdan ýokarda goýýan harsydünýä adamlaryň dünýäsiniň, arassa söýgi we jöwher haýharyň öňünde nähili ejizdigini gülkiň üsti bilen janlandyrýar. Awtory: Gylyçmyrat Kakabaýew Sahnalaşdyran: Serdar Ataew Keşpleri ýerine ýetirenler: Eziz Geldiýew(Bekdogdy), Muhammet Saýmanow(Galpak hannas), Gülnara Muhammetgulyýewa(Kişde), Meýlis Gündogdyýew(Sary kazy), Akmaral Durdyýewa(Hopnyşan), Aýtäç Mergenowa(Helejan hatyn) we başgalar.