"Pederler ýoly"

"Pederler ýoly" sahna eseri türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän kitaplarynda beýan edilýän taryhy we ruhy ýörelgeleri sahnalaşdyrmak arkaly döredildi. Esasy Gahryman ata-babalarynyň ýoluny yzarlap, geçmişe syýahat edýär we Peder bilen duşuşýar. Peder ýaş gahrymanyň öňünde beýik geçmişiň gapylaryny açyp, ony dana, mert we watansöýüji pederleriň dünýäsine alyp gidýär. Spektaklda Ýazly yzçy, Mämiş seýis, Kuwwat pälwan ýaly şahsyýetleriň üsti bilen paýhas, seýisçilik, mertlik ýaly ruhy gymmatlyklar beýan edilýär. Eser hyýal bilen hakykatyň utgaşmasynda döredilip, tomaşaçylara ata-babalaryň ýoluny dowam etdirmek, peder ýoluna wepaly bolmak, watançylyk we ahlak gymmatlyklary barada täsirli pikirleri ýetirýär. Bu eser diňe bir geçmişe syýahat däl, eýsem geljege ýol görkezýän ruhy sapakdyr. Ýazly yzçy — paýhaslylygyň nyşany hökmünde çykyş edýär. Onuň üsti bilen her bir adamyň bu dünýäde ýagşy yz galdyrmalydygy nygtalýar. Mämiş seýis — at terbiýesinde ussat hökmünde, türkmeniň seýisçilik däpleriniň ýaş nesle geçmegini üpjün edýär. Ol bedew ýaly okdurylyp barýan ynsan ömrüniň ykbal jylawyndan tutup, seýisläp bolýandygyny düşündirýär. Kuwwat pälwan — güýç-gaýratyň, mertligiň hem-de edermenligiň beýany hökmünde janlanýar. Ol tomaşaçylara belent maksatlaryň öňündäki içki gorky bilen nähili göreşmelidigini öwredýär. Spektakl Gahrymanymyzyň hyýalynda bolup geçýänem bolsa, ol hakyky durmuşdan asla üzňe däl. Janly wakalar tomaşaçylara öz ýoluňy nähili yzlap, ruhy mirasa eýe çykmagyň we peder ýoluna wepaly bolmagyň syryny açýar. Eser diňe bir geçmişimizi janlandyrman, eýsem watançylyk, halallyk we ruhy gymmatlyklara ruhlandyrýar. "Pederler ýoly" — ruhy mirasy janlandyrýan we nesiller bilen arabaglanşygyny görkezýän sahna eseridir.

AMAN GULMÄMMEDOW ADYNDAKY DÖWLET DRAMA TEATRY

Garaşylýar...