"Garaşsyzlyk - pederlerimiziň hasyl bolan arzuwy" atly söhbetdeşlik geçirildi.
Arkadag şäheriniñ Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyñ hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy bilen bilelikde guramagynda "Garaşsyzlyk - pederlerimiziň hasyl bolan arzuwy" atly söhbetdeşlik geçirildi. Bu söhbetdeşlikde döwletimiz Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyñ saýasynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyñ parasatly ýolbaşçylygynda garaşsyzlyk ýyllary içinde ýeten belent sepgitleri baýram edip bellenýändigi barada giñişleýin gürrüñ edildi. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan diýarymyzyň her bir güni parahatçylyga, asudalyga beslenýär. Eziz Watanymyzyň dünýä ýaň salan abraý-mertebesiniň, şan-şöhratynyň belent owazy bolup ýaňlanýan şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramyna görülýän taýýarlyklar ýokary depginde rowaçlanýar. Türkmen halky toý toýlanda geçmişiň däp-dessurlaryna eýerip, uludan tutýar.Garaşsyzlyk baýramynyň bellenilýän günlerinde Halk maslahatyny geçirmek asylly däbe öwrüldi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyñ "Ýaşlar Watanyň daýanjy" atly kitabynda: "Türkmenistanyň Halk maslahatynda garalýan meseleler ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşi bilen bir hatarda, halkymyzyň, ylaýta-da, ýaş nesilleriň abadan durmuşynyň ýokary derejesini öz içine alýar" - diýip belleýşi ýaly, ýaşlaryň amatly şertlerde ýaşamaklary, bilim almaklary, zähmet çekmekleri, döredijilik bilen meşgullanmaklary üçin berk kanunçylyk binýadyny kemala getirmek, olaryň geljekde watansöýüji, zähmetsöýer ýaşlar bolup ýetişmekleri ugrunda ähli zerur tagallalary etmek Türimenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu söhbetdeşligiñ ahyrynda "Halkara parahatçylyk we ynanyşmak" ýylynda Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzda türkmen halkyny beýik üstünliklere alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.