"Saňa-ýalan, maňa-çyn"

Täze teatr möwsümi öz täzelikleri bilen tomaşaçylara ýene täze bir şatlyk paýlaýar. Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatry tomaşaçylaryna höwes bilen garaşýan täze sahna eserlerini hödürleýär. Şolaryň hatarynda gülki - şatlyk paýlaýan, medeniýetli dynç alyş üçin niýetlenen gülküli sahna eseri — "Saňa – ýalan, maňa – çyn..." spektakly aýratyn orun alýar. Mährigözel Atdaýewa tarapyndan sahnalaşdyrylan bu eser öz özenini türkmen maşgalasynyň gündelik durmuşyndan alyp gaýdýar. Spektakl, tomaşaçylary türkmen halkynyň şahandaz oba durmuşyna syýahat etdirýär. Gahrymanlaryň özara gatnaşyklarynyň üsti bilen, söýgi, ynam, ülki we durmuşdan alnan wakalar sahnada janlanýar. Gaýypdurdy Jumaýewiň ýazan pýessasy esasynda döredilen bu spektaklda baş keşpleri ýurdumyzyň teatr sungatynda tanalýan halypalar — Öwezgeldi Hudaýgulyýew bilen Göwher Muhammetgulyýewa ýerine ýetirýärler. "Saňa – ýalan, maňa – çyn..." – bu diňe bir gülki däl, eýsem durmuş hakykatlarynyň ajaýyp görnüşde beýan edilýän, her bir tomaşaçynyň ýüregine ýol tapýan çeper eserdir. Saňa - ýalan, maňa - çyn... Medeniýetli dynç alyş, halypa artistler, gyzykly wakalar — hemmesi bir ýerde! Täze teatr möwsüminiň iň şowhunly sahna eserleriniň biri boljak spektakla tomaşa etmäge çagyrýarys!

AMAN GULMÄMMEDOW ADYNDAKY DÖWLET DRAMA TEATRY

Garaşylýar...