Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda teatr möwsüminiň ýene bir sahypa

1-nji sentýabrda teatr söýüjiler üçin aýratyn waka garaşýar — teatr möwsüminiň 3-nji sany dabaraly ýagdaýda açylýar! Täze möwsümde teatrymyz ýörite täze sahnalaşdyrylan spektakllary, gyzykly wakalary, gülküli we şowhunly oýunlary bilen öz tomaşaçylaryna garaşýar. Bu möwsümde teatryň sahnasynda durmuşyň dürli keşpleri, halkymyzyň baý ruhy mirasy hem-de häzirki zaman temalary täsirli we täzelige baý sahna eserleri arkaly görkeziler. Ýaşlara we ululara niýetlenen dürli žanrly sahna oýunlary her bir tomaşaçynyň kalbynda ýatdan çykmajak täsirini galdyrar. Sizi täze döredijilik bilen tanşyp, medeniýetiň aýdyň dünýäsi bilen ýüzbe-ýüz bolmaga çagyrýarys. Teatr — diňe tomaşa däl, bu duýgy, pikir we ruhy baýlaşmakdyr! Siziň medeniýetli dynç almagyňyzy arzuw edip, Arkadag şäheriniñ Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda, sungat äleminde size garaşýarys!

AMAN GULMÄMMEDOW ADYNDAKY DÖWLET DRAMA TEATRY

Garaşylýar...