Bitaraplyk, doganlyk-saýlan aýdyñ ýolumyz
Arkadag şäheriniñ
Aman Gulmämmedow adyndaky
döwlet drama teatrynyñ
hem-de Döwletmämmet Azady
adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy bilen bilelikde guramagynda "Bitaraplyk, doganlyk-saýlan aýdyñ
ýolumyz" atly
söhbetdeşlik geçirildi.
Bu söhbetdeşlikde ýurdumuzda
ylym-bilim, medeniýet
ulgamynda gazanylýan
üstünlikler, Gahryman
Arkadagymyzyñ Arkadagly
Serdarymyzyñ alyp barýan il bähbitli döwlet ähmiýetli
işleriniñ esasynda
ýurdumyz parahat, asuda bolup gülläp
ösýändigi barada
giñişleýin gürrüñ
edildi.
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk
döwründe Hormatly
Prezidentimiziň parasatly
baştutanlygynda Garaşsyz,
hemişelik Bitarap Türkmenistan diýarymyzyň
her bir güni parahatçylyga, asudalyga beslenýär. Milli medeniýeti
we sungaty çuňňur
öwrenmegiň, ösdürmegiň
hem-de kämilleşdirmegiň, Ýer ýüzüniň
halklary bilen medeni gatnaşyklary berkitmegiň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy
döwrüniň möhüm
wezipesi bolup durýandygy bellärliklidir.
Ýurdumyzda yzygiderli
geçirilýän dürli
medeni çäreler,
halkara maslahatlar, sergilerdir festiwallar şu maksatlara gönükdirilendir.
Türkmenistan dowletimiz dünýädaki
ahli döwletler bilen dostluk, birek-biregi hormatlamak, birek-birege ynam etmek, özara ýardam bermek esasynda ozara gatnasyklary osduryar.
Türkmen halkynyň gadymdan
gelýän hoşniýetlilik,
parahatsöýüjilik, ynsanperwerlik häsiýetleri
we däpleri döwletimiziň
oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň özeni
bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň daşary
syýasat strategiýasyny
amala aşyrmakdaky uly üstünlikler, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde we umumadamzat
ösüşlerine dahylly
meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmakda
Milli Liderimiziň alyp
barýan syýasaty
dünýä bileleşigi
tarapyndan goldanylýar.
Bu söhbetdeşligiñ ahyrynda
"Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak" ýylynda
asuda, parahat durmuşda ýaşaýan
agzybir halkymyzy buýsançly zähmet
üstünliklerine, medeniýet,
sungat we döredijilik işgärlerini täze döredijilik gözleglerine
ruhlandyryp, ata-babalarymyzdan
dowam edip gelýän milli ýörelgelerimize
hormat goýýan
Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.