Sahnada — «Kärizgenler»

Düýn Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda «Kärizgenler» atly sahna eseriniň ilkinji görkezilişi boldy. Spektakl Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Kärdeşler arkalaşyklarynyň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi tarapyndan bilelikde guralýan «Mähre doly eneleriň ýüregi» atly bäsleşigiň çäklerinde sahnalaşdyryldy.

Baba Annanowyň «Kärizgenler» powesti esasynda goýlan adybir sahna eserini Bagtyýar Abaýew sahnalaşdyrdy. Onda zenan mertebesini we mertligini özünde jemleýän wakalar, uruş döwrüniň oba durmuşy, tylda galan gelin-gyzlaryň we mährem eneleriň ýeňişli günler üçin irginsiz zähmet çekişleri, dürli kynçylyklardan ejizlemän baş alyp çykyşlary görkezilýär. Merdem türkmen zenanlarynyň keşplerini teatrymyzyň ussat halypa artistleri bilen birlikde ýaş artistler hem ussatlarça ýerine ýetirdiler. Bu sahna eserinde nesiller üçin ýagty geljegi isleýän mährem eneleriň ak arzuwdan pürepür, tämiz kalby ganat kakýan guşuň üsti bilen şekillendirilýär.

Myrat KAKABAÝEW,

Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň bölüm müdiri.

 

AMAN GULMÄMMEDOW ADYNDAKY DÖWLET DRAMA TEATRY

Garaşylýar...