«Älem nury»
Aman Gulmämmedow adyndaky Döwlet drama teatrynyň sahnasynda görkezilen «Älem nury» spektaklynyň ilkinji görkezilişi döredijilik baýramynyň «medeniýet marafonynyň» birinji gününi jemlän şanly wakalaryň biri boldy. Spektakly taýýarlamaga režissýor Bagtyýar Abaýew, söz ussady, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gowşutgeldi Daňatarow, ýaş dramaturg Abdylazym Rejebow, ýurdumyzyň halk we at gazanan artistleri gatnaşdylar.
Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi hakda gürrüň berýän spektakl beýik türkmen şahyrynyň ykbaly bilen baglanşykly ruhy-ahlak gymmatlyklary babatdaky meseleleri gozgaýar. Şol bir wagtyň özünde, ýagşy bilen ýamanyň arasyndaky gapma-garşylyk ähli döwürlerde halklary oýlandyran baky tema bolup galýar.
«Älem nury» spektakly Bagtyýar Abaýewiň we Aman Gulmämmedow adyndaky Döwlet drama teatrynyň ýaş toparynyň dördünji işidir. Aktýor Didar Kowusow milli akyldaryň keşbini döretdi.