«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň gazanýan halkara ýeňişleri

 

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen 2007-nji ýylda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň döredilmegi türkmen sirk sungatynyň gülläp ösmegine uly itergi berdi. Yzygiderli döredilýän giň mümkinçiliklerden ruhlanyp, ýelden ýyndam behişdi bedewlerimize erk etmekde, at çapmak sungatynyň ýokary derejesini görkezmegi başarýan  “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparymyz bu günki güne çenli halkara we bütindünýä festiwallarynyň ençesiniň ýeňijisi bolmagy başardy. Ýaňy-ýakynda, Gahryman Arkadagymyzyň Monako Knýazlygynda saparda bolan günlerinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary Monte-Karloda geçirilýän halkara sirk sungaty festiwalynda üstünlikli çykyş edip, Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp bolmagy, biz sungat işgärlerini has-da buýsandyrdy. Agzybir toparyň çykyşlarynda çeýelik, gözellik bilen ussatlyk bir bitewülige öwrülip, sazlaşyp gidýär. At üstündäki täsin çykyşlary synlanyňda milli sirk sungatymyzyň özboluşly aýratynlygynyň barlygyna şaýat bolýarsyň. Şeýle ajaýyp çykyşlary bilen bütin dünýäniň öňünde ýaşyl tugumyzy belentde parladýan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparymyza mundan beýlägem üstünlikleriň ýar bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýärin. Ýylyň ilkinji aýyndan, bütin dünýäniň söýgüsini gazanmagy başaran ussat toparymyzyň baş baýraklar gazanmagy bilen başlanan, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly şanly ýeňişlere, üstünliklere, her bir güni hem  toýdur-baýramlara beslensin.

Milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmekde, dünýäde giňden wagyz etmekde giň gerimli işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, tutýan tutumly işleri mundan beýlägem rowaçlyklara beslensin!!!

 

 

Muhammetgulyýewa Göwher Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň  artisti

 

 

 

 

 

“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly beýik başlangyçlara badalga berdi. Gahryman Arkadagymyzyň Monako Knýazlygynda saparda bolan günlerinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary Monte-Karloda geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda üstünlikli çykyş edip, Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp bolmagy munuň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Fewral aýynyň ilkinji gününde, Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan ymarat bolan, Arkadag şäherinde Türkmenistanyň  Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda ýeňiji bolmagy mynasybetli dabaraly çäreler geçirildi. Biz hem öz gezegimizde Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň agzybir döredijilik işgärleri bolup, türkmen tuguny belentde parladan ýeňijilerimizi aýdym-sazly, gutlag çykyşlarymyz bilen garşy aldyk.

Türkmeniň behişdi bedewleri bilen iş salyşmaklygyň özem bahasyna ýetip bolmajak täsirli duýgy. Muňa bedewler bilen iş salyşaňda has-da göz ýetirýärsiň.

Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki bilen, Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň döredijilik topary bolup bilelikde, 2024-nji ýylda taýýarlan “Görogly” atly teatrlaşdyrylan sirk tomaşamyzda has-da aýdyň duýuldy. Bedewler bilen öwrenişseň ýanyndan hiç aýrylasyň gelmez eken.

“Bedew ýigidiň myrady”. Türkmenistanyň ussat halypa seýsi Gahryman Arkadagymyzyň özüniň seýislän Akhan bedewi, iki aýagynyň üstünde çarpaýa galyp, 10 metr aralygy 4,19 sekuntda geçmegi bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Munuň özi hem ozalky iň gowy netijeden iki esse ýokarydyr. Gahryman Arkadagymyzyň 2009-njy ýylda Akhany «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna sowgat bermegi toparyň täze üstünliklerine ýol açdy. Akhan bu ussat topar bilen ençeme ýurtlarda çykyş edip, halkara festiwallarda baş baýraklar gazanmaga mynasyp goşant goşandyr.

«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň gazanýan halkara ýeňişleri türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň atçylyk sportuny ösdürmek babatda başlangyçlarynyň häzirki wagtda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tagallalary bilen üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.

«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň gazanan ýeňişleri bilen türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy hem-de Hormatly Prezidentimizi, bütin halkymyzy gutlaýaryn.

Gök asmanda ak kepderi uçup ýör,

Göýä, asudalyk nyşany bolup.

Arkadag şäherniň merkezinde dur,

Ahalteke bedew çarpaýa galyp.

Üstünde Gahryman Arkadag otyr,

Guwanyp, buýsanyp türkmen halkyna.

Onuň pähiminden – parasatyndan,

Haky söýen türkmen halkyň bagtyna,

Arkadagly Gahryman Serdary bilen,

Bagtyýar ilimiň bagty ýar bolan...

 

Geldiýew Eziz Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň  artisti

 

 

 

 

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ilkinji aýyny Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda uly üstünlik gazanyp, türkmen sirk sungatyny giň dünýä ýene bir gezek söýdürmegi başaran «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyny buýsanç bilen garşylamak miýesser etdi.  Ýurdumyzyň meşhur toparynyň şeýle abraýly halkara ýaryşlara çagyrylmagy Türkmenistanda sirk sungatynda ýetilen sepgitleriň dünýäde ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. «Galkynyş» toparynyň gazanan ýeňişleri biz medeniýet we sungat işgärleriniň buýsançly kalbyna çäksiz şatlyk eçildi.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde medeniýet bilen bir hatarda sirk sungatyna hem uly üns berilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzda sirk sungaty has-da kämilleşdirildi. Milli sirk sungatynyň gerimini giňeltmek hem-de halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda giň möçberli işler alnyp barylýar.

Ata-babalarymyzyň «At — myrat», «Atym bar — ganatym bar» diýen parasatly sözleri halkymyzyň behişdi bedewlerine goýýan hormatynyň nähili derejede beýik bolandygyna güwä geçýär. Häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ahalteke bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende götermek, baş sanyny artdyrmak ugrunda giň möçberli işler alnyp barylýar. Özleri hakynda edilýän atalyk aladalara jogap edip «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary özleriniň ussatlyklary bilen türkmen tuguny belentde parladýarlar.

«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan 17 müň ýewro möçberinde pul sowgadynyň gowşurylmagy, Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan topara 3 million manat möçberinde pul sowgadynyň gowşurylmagy bolsa, zähmete berilýän ýokary bahanyň, belent sarpanyň aýdyň subutnamasydygyny görkezýär.

Bizem teatr işgärleri bolup öz gezegimizde «Galkynyş» toparynyň agzalaryny täze ýylyň — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ilkinji aýynda gazanan uly üstünligi — beýik ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlaýarys, olara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw edýäris.

Abdylazyn Rejepow Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň  artisti

 

AMAN GULMÄMMEDOW ADYNDAKY DÖWLET DRAMA TEATRY

Garaşylýar...