HALYPALARY HATYRALAP
Halypalary hatyralap, olaryň atlaryny ebedileşdirmek,
geçen şöhratly ýollaryny geljekki nesiler üçin terbiýe mekdebine öwürmek ýurdumyzda ileri tutulýan asylly işleriň biridir. Arkadag şäherinde
gurlan binalara, köçelere görnükli şahsyýetleriň
atlarynyň dakylmagy munuň ýene bir buýsandyryjy
subutnamasydyr.
«Akylly» şäheriň iň bir owadan köçeleriniň
biri Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky döwlet
baýragynyň eýesi Sabyr Ataýewanyň adyny
göterýär. Ol ýurdumyzda görnükli şahsyýetlere,
olaryň il-halky, Watany üçin bitiren beýik hyzmatlaryna
belent hormat sarpasyndan aýdyň nyşandyr. Bu asylly
ýörelge ýaşlaryň milli ruhda terbiýelenmegi
üçin nusgalyk işdir. Sabyr Ataýewanyň adyny
göterýän köçäniň ugrunda Arkadag
şäheriniň Bagt köşgüniň, Döwlet
arhiwiniň, hususan- da Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama
teatr binasynyň ýerleşmegi teatr sungaty ugrunda zähmet
çekýän ynsanlary has-da guwandyrýar. Biz Sabyr
Ataýewa ýaly halypalarymyzdan nusga alyp, geljekde hem teatr sungatyny
gülletmekde yhlasly zähmet çekeris. Goý,
geçmişini arzylap, geljege ak ýollar açýan
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, tutýan tutumly
işleri hemişe rowaç bolsun!
Mahym BEGLIÝEWA Arkadag şäheriniň Aman
Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň bölüm
başlygy.