“Gumly gelin”
“Gumly gelin” pýesasynyň esasy many-mazmun özeni ruhy gymmatlyklara gadyr goýmak ündewinden, ruhybelentlikden ybarat. Eseriň žanr aýratynlygynyň şahyrana şagalaň diýlip kesgitlenmegi-de onuň beýan ediş usulynyň özboluşlylygyny, komizmiň hem lirikanyň utgaşmagyndan dörän özboluşly edebi-çeper usuly, häsiýetleriň hem wakalaryň täzeçe şöhlelendirişini alamatlandyrar. Eseriň gahrymanlarynyň durmuşda aýry-aýry sebäplere görä ýeke galmagy simwoliki şertlilikdir. Şu simwoliki şertlilik arkaly ynsany diňe birek-birege bolan ynamyň, söýginiň hem sarpanyň birleşdirýändigini, döwürlerimiziň ruhybelentliginiň düýp özeniniň şundadygy nygtalýar. Adam kosmos belentliklerine, maddy baýlygyň ýokary derejesine ýetse-de, onuň esasy baýlygy ýüregi, kalby. Bir-birege bolan söýgüden, ynamdan ybarat kalby. Dünýäniň hem ynsanyýetiň baş baýlygy şundan ybarat. Milli hem medeni, ruhy gymmatlyklarymyza, ýerimie-ýurdumyza, häzirki döwürde durmuşa geçirýän beýik işlerimize, çölümize, sähramyza, ynsan atnaşyklaryna, duýgy-düşünjesine sarpa goýmagy ündeýänligi bilen hem eseriň terbiýeleýjilik ähmiýeti üsi özüne çekýär. Şahyranalyk, şatlyk, ruhybelentlik, söýgi, ynam eseriň içinden eriş-argaç bolup geçýär.