“Arzyly kenar”
A. Rejepowyň “Arzyly kenar” atly sahna eseri — dünýä edebiýatynyň klassygy Çingiz Aýtmatowyň “Deňiz ýakasynda gezýän Ala köpek” powestiniň esasynda, Amannazar Aşyrowyň terjimesi bilen döredilen täsirli tragediýadyr. Bu pýessa deňziň jümmüşinde geçen bir ykbalyň, bir ojagyň, bir ynamyň hekaýasydyr. Deňiz bilen ýaşaýan halkyň gadymy däpleriniň arasynda bir yrym bar: “Ataly-ogul hiç haçan deňze bile awa çykmaly däl.” Emma durmuş şertleri we ýaşaýyş ugrundaky göreş bu gadaganlygy bozmaga mejbur edýär. Organyň, Emraýynyň, Mylgunyň we ýaş Kiriskiň deňze bolan söýgüsi, onuň güýjüne bolan hormaty – bu eseriniň esasyny düzýär. Awa çykylan bir gün, deňziň ýüzündäki duman, harasat, suwsuzlygyň azaby we adam kalbynyň iň inçe duýgulary bilen ýüzbe-ýüz bolunýar. Her damja suw – ýaşaýyşyň özi ýaly gymmatly bolýar. Her pida – ynsanyň beýikliginiň nyşanyna öwrülýär. Kirisk bolsa – täze nesliň, umydyň we durmuş dowamynyň nyşany. Ol "arzyly kenara" ýetende, diňe deňiziň kenaryna däl, eýsem ynsanyň kalbyndaky päklik, ynam we ýaşaýyş ugrundaky ýeňşe ýetýär. “Arzyly kenar” – diňe sahna oýny däl, ol tebigatyň, ynsanyň we ruhy güýçleriň çatrygynda doglan duýgy. Bu pýessa tomaşaçyny oýlandyrýar we ynamyň näderejede beýikdigini duýdurýar.