«Kärizgenler»

“Asyrlar boýy ýaşaýyşyň, bolçulygyň gözbaşlarynyň biri hasaplanyp gelinýän mukaddes suw ähli janly tebigata jan berýär, ynsan durmuşyny gülledip özgerdýär, giň sähralarymyzy gülzarlyga, bereket mekanyna öwürýär. Şonuň üçin hem suwuň sarpasyny belent tutup gelen pederlerimiziň suw damjasyny altyn dänesine deňemegi türkmen halkynyň mukaddes suwa bolan garaýşyny aýdyň görkezýär.” Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz sözlerinden ugur alyp, biziň geçmişde ata-babalarymyzyň şu güne çenli keramatly suwa gadyr goýup, ony ýaşaýşyň mukaddes çeşmesi hasaplapdyrlar. Köpetdagy etekläp oturan bir obanyň ykbaly, agyr ýyllaryň döreden tebigy hadysalary, beýik watançylyk urşy ýyllarynda tylda galan gahrymanlaryň kysmaty, ýagty geljege ýalkym saçýan ilkinji söýgüniň uçgunlary, umumy adamzat ykbalynyň esasy meseleleriniň biri, “Kärizgenler” atly sahna eserinde, gopuzyň zaryn owazy bilen seplenip, janlanyp gidýär. Ýary gije ýagan güýçli çagbanyň yzy bilen gelen sil, bugdaý meýdanlaryna howp salýar. Oba adamlary ýaşy-garry diýmän, gyz – gelin diýmän ählisi agzybirlikde, bugdaýy suw basmakdan goraýarlar. Sil suwy obany ekläp oturan käriziň çökmegine getirýär. Käriziň çökmegi bilen eseriň dartgynlylygy has-da artýar. Tylda galan aýal – ebtatdyr, oglan – uşaklar, uly – kiçi oba adamlary tebigy hadysanyň döreden betbagtçylygy bilen başa – baş galýar. Bu eserde ynsan duýgularynyň naýbaşysy bolan – söýgi hem öz ornuny tapýar. Türkmen halkyna mahsus bolan edim-gylymlar, ahlak arassalygy, gaýduwsyzlyk, edermenlik, merdanalyk ýaly ajaýyp häsiýetler, dürli keşpleriň üsti bilen açylyp görkezilýär. Biz teatrmyzyň sahnasynda özüniň mynasyp ornuny tapar diýen umyt bilen Baba Annanowyň meşhur “ Kärizgenler” eserine ýüzlenmegi makul bildik we şu günki gün halk köpçüligine ýarar diýen tamamyz bar.

AMAN GULMÄMMEDOW ADYNDAKY DÖWLET DRAMA TEATRY

Garaşylýar...