TEATR SUNGATYNYŇ SÜTÜNI
Türkmen teatr sungaty agzalanda, ilki bilen,
göz öňünde ýurdumyzyň teatr sungatynyň
düýbüni tutujylaryň biri, meşhur artist,
režissýor hem dramaturg Aman
Gulmämmedow janlanýar. Teatr sahnasynda 250-den gowrak keşbi
döreden halypa artistiň döredijiligi bu gün nesle nusgalyk
ýoldur. Onuň döredijilik örüsi çäksyz
giňdir. Ol sahnada gussaly, gülküli, gahrymançylykly
hem-de durmuşy keşpleri döredende-de, gahrymanlarynyň
häsiýetlerini bütin aýdyňlygy bilen
açypdyr. Onuň döredijiligi dünýäniň
nusgawy eserleri, şol sanda rus, özbek, belarus,
azerbaýjan, gruzin... halklarynyň pýesalaryndaky
keşpler arkaly baýlaşýar.
Aman Gulmämmedow 1908-nji ýylyň 31-nji
dekabrynda Ahal welaýat Gökdepe
etrabynyň Ýylgynkäriz obasynda
dünýä inýär. 1920-nji
ýylda Gökdepede
açylan mekdep-internatda
okaýar. Bu ýerde
orta bilim alandan soň, Aşgabatdaky
Gündogar
sungaty mekdebine nakgaşçylyk hünäri
boýunça okuwa
girýär. Ondan soňra bolsa, 1924-nji ýylda Aşgabat şäherinde açylan
Mehanizasiýa tehnikumynda
okuwyny dowam etdirýär. Şol wagtlardan başlap, okuw mekdeplerinde drama gurnaklary giň gerim alyp ugraýar. 1926-njy ýylda Türkmenistan Magaryf halk komissarlygy
ilkinji milli studiýanyň
açylýandygyny yglan
edýär. Ähli
okuw mekdeplerinden zehinli oglan-gyzlary saýlap, şol studiýa okuwa kabul edýärler. Aman Gulmämmedow hem şol saýlanan talyplaryň ilkinjileriniň biri bolýar.
Başda
okuw kitaplarynyň, türkmen mugallymlarynyň
ýeterlik bolmazlygy milli drama studiýasynyň işini
kynlaşdyrýar. Şeýle-de bolsa,
ýaşlar ähli
kynçylyklary ýeňip
geçipdirler. 1929-njy ýylda şol studiýanyň esasynda, llkinji milli teatr açylýar. Milli teatrda
ilkinji gezek Gogolyň «Derňewçi»
atly eseri goýulýar
we onda Aman Gulmämmedow şäher häkiminiň
keşbini döredýär.
Ol
okuwyny tamamlandan soň,
Türkmen döwlet drama teatrynda
(häzirki Beýik Saparmyrat
Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki
drama teatry) zähmet ýoluna başlaýar. Soňra
hünärini has-da kämilleşdirmek üçin 1937-1939-njy ýyllarda Moskwanyň M.Gorkiý
adyndaky akademiki drama teatrynda okaýar. Ol ýerde A.Gulmämmedow
režissýorçylyk we artistlik sungatynda uly tejribe
toplaýar. A.Ostrowskiniň «Düşewüntli ornunda»
Ýusowyň, W.Şeksplriň «Lir şasynda» şanyň,
H.Derýaýewiň «Ykbalynda» Myrat aganyň,
G.Kulyýewiň «Ýowuz günlerde Magtymgulynyň
keşbini janlandyran görnükli sahna ussady sungaty söýjileriň söýgüli
gahrymanyna öwrülýär. Aman Gulmämmedowyň döreden Otellasy
bolsa, ozalky SSSR-iň çäklerindäki
şol keşbini döredenleriň iň gowylarynyň hatarynda
oňa uly abraý getirmek bilen çäklenmän, türkmen
teatr sungatyna şan-şöhrat getiripdir.
Häzirki wagtda Aman
Gulmämmedowyň Otellanyň keşbindäki suraty
Angliýanyň London şäherinde ýerleşýän
belli ýazyjy, dramaturg Wilýam Şekspiriň öý
muzeýinde hem saklanylýar. Ol
diňe özüne ynanylan keşbiň aladasyny etmän,
teatryň ýaş artistlerini hem sungata ugrukdyrmagyň
aladasy bilen ýaşapdyr. Ýaşlar bolsa öz aralarynda
şeýle ýaşulynyň bardygyna guwanypdyrlar. Isle
durmuşda, isle sahnada parhy ýok, sähel kynçylyga
duçar bolsalar, onuň ýanyna barypdyrlar. Maslahatlaryny
diňläpdirler. Oňa sala salyp, geňeşli eden işleri
şowuna bolupdyr.
Şu 2024-nji ýylyň 20-nji
martynda Aman Gulmämmedowyň öý muzeýi dabaraly
ýagdaýda açyldy. Oňa ýurdumyzyň teatr
artistleri gatnaşdylar. Bu açylyş bilen utgaşyklylykda
biziň teatrymyzyň üçünji gatynda hem sahna
ussadynyň suratlarynyň galereýasy açyldy. Onda
artistiň dürli ýaşdaky we keşplerdäki
suratlarynyň 50-den gowragy ýerleşdirildi. Arkadag
şäherinde gurlan täze döwlet drama teatryna Aman
Gulmämmedow adynyň dakylmagy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň
baştutanlygynda halypalara goýulýan uly hormat-dan
nyşandyr.
Serdar Ataew
Arkadag
şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama
teatrynyň baş
ýolbaşçysy.